TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
HÜNÄRLER

Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak

        Hünärmen Türkmenistanyň Nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryjy we ylmy-barlag, nebit we gaz önümçiliginde  standartlaşdyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň esaslaryny, ulanylýan täze tehnologiýalaryny we tehniki serişdelerini ýerlikli hem tygşytly ulanmak boýunça guramaçylyk işlerini orta hünär okuw mekdebinde alan hünärine laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar. 

         Hünärmen ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine  wepaly we ýurdyň içeri we daşary syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr. 

         Hünärmen köpçülik bilen işlemegi, olara ýolbaşçylyk etmegi, kärhanada  işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz käri boýunça  toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.

        Hünärmen önümçilige taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan hünärmen bolmalydyr.