TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Biz barada

"Türkmengaz" döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünar okuw mekdebiniň web saýtyna hoş geldiňiz !

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistan nebit-gaz pudagy üçin milli ýaş hünärmenleri taýýarlaýan okuw ojagy öz gözbaşyny uzaklardan alyp gaýdýar. 1970-nji ýyllarda Türkmenistanyň çäginde iri Gaz ýataklarynyň gözlenilip tapylmagy, ony özleşdirmek üçin gazuw işleri geçirmek, gaz guýularyny işe goýbermek, işlerini çalt depginde ýola goýmak, işçi güýjini onda-da ýaş milli hünärmenleri taýýarlamak zerurlygy ýüze çykdy. Şol maksat bilen hem häzirki okuw jaýymyz “Türkmengazprom” tarapyndan badalga berilip, Çatlyn gaz gurluşyk tresti tarapyndan gurlup, “Marygazçykaryş” müdirliginiň garamagyna berildi. 1978-nji ýylda gurlan okuw jaýy öz gözbaşyny 1977-nji ýyldan alyp gaýdýar.

Türkmenistan SSR-niň Professional tehniki bilimi baradaky döwlet Komitetiniň №429 buýrugy esasynda     1977-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-ne SGPTU №24 döredildi.

Türkmenistan SSR-niň Professional tehniki bilimi baradaky döwlet Komitetiniň №327 buýrugy esasynda    1984-nji ýylyň awgust aýynyň 03-ne SGPTU №24 SGPTU №32 öwrüldi, ştampy we möhüri çalşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň awgust aýynyň 05-ne çykaran №3281 belgili karary we “Türkmengaz” döwlet konserniniň 1997-nji ýylyň awgust aýynyň 11-ne çykaran №78 belgili buýrugy we “Marygazçykaryş” dolandyryş edarasynyň 1997-nji ýylyň awgust aýynyň 14-ne çykaran №183 belgili buýrugy esasynda “Senet” döwlet birleşiginiň işiniň bes edilendigi sebäpli, Pudakara okuw merkeziniň Hünärment taýýarlamak baradaky №32 mekdebi “Marygazçykaryş” dolandyryş edarasynyň düzümine geçirildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň 1998-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne çykaran №17 belgili buýrugy esasynda ozalky Hünärment taýýarlamak baradaky №32 mekdebi, №3 tehniki liseý diýlip atlandyryldy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň 2001-nji ýylyň dekabr aýynyň 22-ne çykaran №101 belgili buýrugy esasynda okuw jaýlarynyň atlaryny millileşdirmek we tertip belgilerini kadalaşdyrmak maksady bilen ozalky №3 tehniki liseýi 1-nji Hünärment mekdebi diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň iýun aýynyň 25-ne 11106 belgili karary esasynda we “Türkmengaz” döwlet konserniniň 2010-njy ýylyň iýul aýynyň 29-na çykaran №155 belgili buýrugy esasynda 1-nji Hünärment mekdebiniň ady we tertip belgisi “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi diýlip atlandyryldy.

Şol ýyllar Mary welaýatynyň çäginde Maýskiý, Şatlyk, Döwletabat gaz känleri açylyp, öňki Soýuz respublikalardan işgärler gelip işleýärdiler. Ol ýagdaý belli bir derejede ýeňil däldi. Şol sebäpli milli ýaş oglan-gyzlary profuçilişşä okuwa kabul etmek ýola goýuldy. 

1 ýyl möhletli okuwa 10-njy synpy gutaran ýaşlar kabul edildi. Olara talyp haky tölenýärdi. 3 ýyllyk möhletli okuwa 8-nji synpy gutaran ýaşlar kabul edildi. Olar mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşadylar. Bilim aldylar, şeýle-de hünär öwrendiler. Umumy okuwyň sapaklary okatmak hem okuw jaýyna mekdeplerden mugallymlar çagyryldy we Şatlykgazçykaryş önümçilik birleşiginiň bölümlerinden degişli ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenler mekdebe işe çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň “Bilim özgertmeleri Berkarar döwletimiziň ösüş binýadydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy Berkarar döwletimiziň bagtyýar döwründe ösüşlere beslenip, täze sepgitlere ýetmek üçin bedew bady bilen öňe barýar. Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş neslimizi milli we umumy adamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek, döwletimiziň bilim syýasatynyň baş maksadydyr diýip alym Arkadagymyz belleýär. Türkmenistanyň Nebitgaz pudagynyň ösüşiniň esasy konsepsiýasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwri üçin” Maksatnamasynda kesgitlenendir. Merkezi Aziýada “Mawy ýangyjyň” çykarylyşy boýunça Türkmenistan dünýäniň iri energetiki döwletleriniň sanawyna girýär we häzirki wagtda dünýäde uly gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň zawodlarynda hem-de gaz känlerini özleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäginde 2 döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Koreýanyň KOICA halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen “Türkmengaz” döwlet konseriniň arasynda ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşygyň esasynda 3 gatdan ybarat bolan okuw binasy ýerli “Çyzuw” hususy kärhanasy tarapyndan gurlup 2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda dabaraly açylyşy boldy. Binanyň okuw otaglarynyň, tejribe otaglarynyň enjamlaryny oturtmak Koreýanyň BUCHEON uniwersitetiniň professor mugallymlary we Koreýada taýýarlyk okuwlaryny geçip gelen mekdebimiň mugallymlarynyň gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Okuwy tamamlaýan uçurymlary nebit-gaz pudagy üçin degişli hünärleri boýunça önümçilige işe ugradylýar.


 

Bölümçeler we sahypalar

Submenu

Mekdebiň bilim binýady

Mary welaýat Maliýe-Ykdysady orta hünär okuw mekdebiTürkmenistanda Maliýe-ykdysady ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurdaky hünärmelere islegeriň artmagyny şertlendirdi. Ýokary derejeli hünärmenler toplumynda işlemäge, şu döwrüň ösen talabyna laýyk hyzmat etmekligi oňat işgärlere garaşýarlar.Biziň mekdebimiz aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.Hünärmenler alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hasap, derňew, analiz, dolandyryş işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar.2. Maliýe we karz.“Maliýe we karz” hünäriniň talyplary ykdysady we hünär tejribeliklerini geçmek bilen çäklenmän, kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýyllyk işlerini taýýarlaýarlar.3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.“Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň talyplary kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýyllyk işlerini taýýarlaýarlar.4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalaryKär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebi hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.5. Salgytlar we salgyt salmak.Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebi hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.6. Bank işlerini programmirlemek.Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebi hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.

Gatnaşmak
Submenu

Sanly bilim

Sanly bilim

Gatnaşmak
Submenu

Kitaphana

Mary welaýat Maliýe-Ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanasynda talyplar we mugallymlar çap edilen we elektron görnüşinde ähli dersler boýunça neşir edilýän okuw we goşmaça edebiýatlardan peýdalanýarlar. Kitaphananyň okalga zalynda edebiýatlary ulanmak we maglumatlary çalt tapmak üçin ýöriteleşdirilen kompýuterli orunlar gurnalan.Kitaphananyň esasy wezipesi - talyplaryň okuw-ylmy çeşmelerini öwrenmek boýunça başarnyklaryny kemala getirmekden, esasan, maglumaty almagy, ony gaýtadan işlemegi, zerur beýanlary öwrenmegi we şol maglumatlary bilim almakda başarjaňlyk bilen ulanmagy oňarmagy öwretmekden ybaratdyr. Kitaphananyň okuwdaky we terbiýeçilik işindäki orny - kitaphananyň köpçülikleýin çärelere, baýramçylyklar üçin ssenariniň, gysga sahnalaryň, goşgularyň, aýdymlaryň, şygarlaryň saýlanyp alynmagyna gatnaşmagy arkaly häsiýetlendirilýär.

Gatnaşmak