TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
HÜNÄRLER

Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy

Hormatly Prezidentimiz senagatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan energetika pudagy babatda uly işler alyp barýar. Ýurdumyzda gurulýan we guruljak stansiýalaryň, podstansiýalaryň sany günsaýyn artýar. 

 “Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy” hünäri nebit-gaz pudagynyň zawodlarynda we energetika pudagynda  awtomatlaşdyrmak boýunça tehnik-elektrik käri boýunça hünärmen  taýýarlamagyň maksady.

- Sanly ykdysadyýetine geçilmegi bilen, önümçiligi dolandyrmak;

 - häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, energiýany     

    tygşytlamak;

  “Elektroenergetiki  ulgamlaryň awtomatizasiýasy  we rele goragy” hünäri boýunça rele gorag we awtomatika serişdelerinden baş çykarýan, paýlaýjy gurluşlaryň, podstansiýalaryň güýç enjamlaryny we rele goragynyň gurluşlaryny gurnap, sazlap we synagdan geçirip, elektroenergetiki  ulgamlaryň awtomatizasiýasy  we   rele goragy boýunça gurluşlarynyň iş düzgünlerini hasaplap,  elektroenergetiki  ulgamlarda ýüze çykýan meseleleri başarnykly çözüp, olardan baş çykaryp bilmelidir. 

   Hünärmen elektrik stansiýalarda, podstansiýalarda we beýleki senagat kärhanalarynda, nebit-gaz känlerini özleşdirmekde we ulanmakda peýdalanylýan önümçilik tehnologiýasyny, önümleri almaklygyň enjamlaryny  we olaryň ýygnalyşynyň tehnologiýasyny hem-de iberilişini we şol ugurdaky ylmy işler üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy  bilen ödemelidir. Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy-barlag edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.