Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi
Nebitgaz pudagy üçin orta hünär bilimli işgärleri taýýarlaýan döwlet bilim ojagy
Iň soňky täzelikler
Häzirlikçe täzelik ýok
Makalalar
Esasy bilim ugurlary
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin «Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2011 - 2030- njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan özgertmegiň anyk ugurlary görkezilýär.Ýurtda amala aşyrylýan bazar ykdysadyýetine kem kemden geçmek özüniň miwesini berýär. Biziň döwletimiziň ykdysady ösüşiniň depginleri dünýäde iň ýokary görkezijileriň biri bolup durýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ähli pudaklary bedew bady bilen ösýär. Her bir jemgyýetçilik ösüşiniň esasynda maddy gymmatlygyň önümçiligi durýar. Adamzat maddy gymmatlyklaryny öndürende onuň möçberini hilini ýokarlandyrmaga ymtylypdyr. Şeýlelikde jemgyýetiň ösmegi bilen maddy gymmatlyklaryň dürli-dürli görnüşleri oýlanyp, artykmaç möçberi öndürlip başlanypdyr. Bu ýagdaýlaryň esasynda hojalyk hasabyna isleg döreýär. Hünärmen alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hasap, derňew, analiz, dolandyryş işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar. Hünärmen eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli senagat, söwda, araçy, taýýarlaýyş kärhanalarynda, birleşiklerde, bank, karz, maliýe, býujet we beýleki edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.
GatnaşmakYkdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmekde nebit we gaz pudagynyň ykdysadyýetiniň orny örän wajypdyr. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulgamlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň esasy serişdesi hökmünde maýa goýum syýasaty durýar. Onuň esasy wezipesi maýa goýum işini ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaýyn düzümini üýtgedip gurnamakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň ykdysadyýetini özgertmäge we bazar gatnaşyklary düzümini döretmäge gönükdirilen maýa goýum işjeňligi nebit we gaz toplumynda durnykly ösüşi üpjün edýär. Nebit gaz senagatyny ösdürmegiň maýa goýumlar syýasatynda daşary ýurt maýadarlaryny çekmek öňe sürülýän esasy ugur bolup durýar. Türkmenistanyň nebit gaz toplumyny ösdürmegiň ýörelgesinde göz öňünde tutulýan çäreler täze geljegi uly meýdançalary hem-de nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmaga, olaryň agtarylmagyny çaltlandyrmaga, işläp taýýarlamaga we işe başlamaga mümkinçilik berer. Hünärmen gurluşyk toplumynyň kärhanalarynda gurluşyk – gurnaýyş we seljeriş – barlag hereketini amala aşyrmaklygy başarmak esasy wezipesi bolup durýar. Mundan başga-da bu hünärmenler “Türkmengaz” döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda we ylmy edaralarynda orta hünär bilimli hünärmenlere degişli wezipelerde işlemäge niýetlenendir. Şonuň ýaly hem ýaş hünärmen ylmy – önümçilik, ýöriteleşdirilen we gözleg barlag guramalarda, pudagara häsiýetli ylmy–barlag işlerinde, bilelikdäki kärhanalarda, gurluşyk – gurnama müdirliklerde orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
GatnaşmakAragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary
Sanly bilim ulgamlarynyň çäklerinde işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işini hem döwrebap gurmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgiýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerinde täze mazmuna eýe bolan wezipeleri öňde goýýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň hili şahsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.Hünärmen aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary boýunça peýdalanylýan önümçilik tehnologiýasyny, aragatnaşyk ýaýlymlaryň we kommunikasiýa ulgamlarynyň enjamlaryny we olaryň ýygnalyşynyň hem-de ulanylyşynyň tehnologiýasyny we şol ugurdaky ylmy işleri üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir.Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
GatnaşmakStandartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak
Hünärmen Türkmenistanyň Nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryjy we ylmy-barlag, nebit we gaz önümçiliginde standartlaşdyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň esaslaryny, ulanylýan täze tehnologiýalaryny we tehniki serişdelerini ýerlikli hem tygşytly ulanmak boýunça guramaçylyk işlerini orta hünär okuw mekdebinde alan hünärine laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar. Hünärmen ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly we ýurdyň içeri we daşary syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr. Hünärmen köpçülik bilen işlemegi, olara ýolbaşçylyk etmegi, kärhanada işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz käri boýunça toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr. Hünärmen önümçilige taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan hünärmen bolmalydyr.
GatnaşmakElektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy
Hormatly Prezidentimiz senagatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan energetika pudagy babatda uly işler alyp barýar. Ýurdumyzda gurulýan we guruljak stansiýalaryň, podstansiýalaryň sany günsaýyn artýar. “Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy” hünäri nebit-gaz pudagynyň zawodlarynda we energetika pudagynda awtomatlaşdyrmak boýunça tehnik-elektrik käri boýunça hünärmen taýýarlamagyň maksady.- Sanly ykdysadyýetine geçilmegi bilen, önümçiligi dolandyrmak; - häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, energiýany tygşytlamak; “Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy” hünäri boýunça rele gorag we awtomatika serişdelerinden baş çykarýan, paýlaýjy gurluşlaryň, podstansiýalaryň güýç enjamlaryny we rele goragynyň gurluşlaryny gurnap, sazlap we synagdan geçirip, elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy boýunça gurluşlarynyň iş düzgünlerini hasaplap, elektroenergetiki ulgamlarda ýüze çykýan meseleleri başarnykly çözüp, olardan baş çykaryp bilmelidir. Hünärmen elektrik stansiýalarda, podstansiýalarda we beýleki senagat kärhanalarynda, nebit-gaz känlerini özleşdirmekde we ulanmakda peýdalanylýan önümçilik tehnologiýasyny, önümleri almaklygyň enjamlaryny we olaryň ýygnalyşynyň tehnologiýasyny hem-de iberilişini we şol ugurdaky ylmy işler üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir. Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy-barlag edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
GatnaşmakKompýuter ulgamlary we toplumlary
Hünärmen “Kompýuter ulgamlary we toplumlary” hünäri boýunça peýdalanylýan önümçilik tehnologiýalaryny, programmalaşdyrma, aragatnaşyk (network) bütin dünýä toryna birikmek we kommunikasiýa ulgamlarynyň enjamlaryny we olaryň ýygnalşynyň hem-de ulanylyşynyň tehnologiýasyny we şol ugurdaky ylmy işleri üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir.Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.Hünärmen ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly we ýurdyň içeri we daşary syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr. Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugry boýunça toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
GatnaşmakOkuw we kabul ediş boýunça soragyňyz barmy?
Biz bilen aragatnaşyk bölümi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.