Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi
Nebitgaz pudagy üçin orta hünär bilimli işgärleri taýýarlaýan döwlet bilim ojagy
Iň soňky täzelikler
Häzirlikçe täzelik ýok
Makalalar
Esasy bilim ugurlary
Ölçeg barlag enjamlary we awtomatika
“Ölçeg barlag enjamlary we awtomatika” hünäri boýunça rele gorag we awtomatika serişdelerinden baş çykarýan, paýlaýjy gurluşlaryň, ölçeg barlag enjamlaryny we rele goragynyň gurluşlaryny gurnap, sazlap we synagdan geçirip, ölçeg barlag enjamlary we awtomatikany, rele goragy boýunça gurluşlarynyň iş düzgünlerini hasaplap, awtomatikada ýüze çykýan meseleleri başarnykly çözüp, olardan baş çykaryp bilmelidir. Hünärmen ölçeg barlag enjamlarda beýleki senagat kärhanalarynda, nebit-gaz känlerini özleşdirmekde we ulanmakda peýdalanylýan önümçilik tehnologiýasyny, önümleri almaklygyň enjamlaryny we olaryň ýygnalyşynyň tehnologiýasyny hem-de iberilişini we şol ugurdaky ylmy işler üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir. Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy-barlag edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.Hünärmen ýokary derejeli hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän hünärmen bolmalydyr. Hünärmen köpçülik bilen işlemegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan hünärmen bolmalydyr.
Gatnaşmak
Okuw we kabul ediş boýunça soragyňyz barmy?
Biz bilen aragatnaşyk bölümi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.