TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
06.12.2025
2

Onlaýn maslahatlaryň netijeleri

Onlaýn gatnaşylýan maslahatlaryň netijeleri boýunça orta hünär okuw mekdebiniň dolandyryş işgärleri we mugallymlary birnäçe şahadatnamalara eýe boldular

News
05.12.2025
2

Talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Ýakynda, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Baky Bitaraplyk baýramçylygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Bitaraplyk-mukaddes gymmatlygymyz” ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige I ýyllyk talyplaryň toparlary gatnaşyp, I orna “Ykdysatçy” topary, II orna “Ruhubelent” topary, III orna “Auditor” topary mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazananlary orta hünär okuw mekdebiniň direktory, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň sowgatlary we “Hormat haty” bilen sylaglanyldy. Bäsleşigiň ahyrynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

News
02.12.2025
2

Onlaýn maslahata ganlaşyldy

2025-nji ýylyň 2-nji dekabrynda TDIM Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan "Halkara jedelleri parahatçylyk serişdeler bilen çözmek" atly geçirilen onlaýn maslahata gatnaşyldy

News
28.11.2025
2

Onlaýn maslahata ganlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda sagat 10:00 Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyldy

News
27.11.2025
2

Orta hünär okuw mekdebiniň gazanan üstünlikleri!

2025-nji ýylyň 27-28-ne Türkmen Döwlet Energetika instituty tarapyndan gurnalan "CryptoHack" atly Hakaton bäsleşiginde orta hünär okuw mekdebi tarapyndan döredilen topar esasynda talyplar Annasaparow Şageldi, Şiriýewa Leýla, Nurberdiýewa Aýjahan hem-de topara jogapkär mugallym hökmünde ýolbaşçy mugallym Abdylla Durdyýew bäsleşigiň netijeleri boýunça gatnaşan orta hünär okuw mekdepleriň arasynda II orna mynasyp boldylar.

News
27.11.2025
2

Onlaýn maslahata ganlaşyldy

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi kafedrasynyň müdiriniň w.ý ý, Şaberdi Gylyçtaganow çykyş etmeginde "Emeli intellektiň bilim ulgamyndaky orny" atly tema, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň mugallymy Omar Durdyýew tarapyndan "Şäher içi ýolagçy akymynyň wizual ulgamy" atly temalar boýunça geçirilen onlaýn maslahata gatnaşyldy.

News
27.11.2025
2

Onlaýn maslahata ganlaşyldy

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň Ýokary bilim ulgamynda Halkara innowasiýalar merkeziniň (UNESCO-ICHEI) guraýan onlaýn seminaryna gatnaşyldy

News
26.11.2025
2

Orta hünär okuw mekdebiniň gazanan üstünlikleri!

2025-nji ýylyň 24-26-njy noýabr aralygynda S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ guramagynda "Matematika, Fizika, Informatika" dersleri boýunça geçirilen ders bäsdeşikleriň netijeleri boýunça orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Matematika dersinden 1-nji orna Ýardymow Maksatmyrat, 2-nji orna Abdyýewa Medine, 3-nji orna Orazmyradow Ýakup mynasyp boldylar. Informatika dersinden 3-nji orna Nurberdiýewa Aýjahan mynasyp boldy.