Onlaýyn maslahatlaryň netijeleri
23.12.2025ý. senesinde gatnaşylan onlaýn maslahatyň netijeleri boýunça orta hünär okuw mekdebiniň dolandyryş işgärleri we mugallymlary birnäçe şahadatnamalara eýe boldular
23.12.2025ý. senesinde gatnaşylan onlaýn maslahatyň netijeleri boýunça orta hünär okuw mekdebiniň dolandyryş işgärleri we mugallymlary birnäçe şahadatnamalara eýe boldular
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dekabr aýynyň 26-na Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdiler. Bu täsirli gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň taryhy döwürleri, ýadygärlikleri, milli-mirasy we türkmen bedewleri hakynda gyzykly gürrüňler talyplarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhyny şöhlelendirýän şekiller, fotosuratlar talyplarymyzyň Türkmenistanyň taryhy baradaky düşünjelerini has-da giňeltdi. Aýratynda türkmen bedewiniň ýyndamlygy, milli şaý-sepleri hem-de gadymy döwürlerde seýisçilik sungaty hakynda gürrüňler talyplary haýran galdyrdy. Eziz diýarymyzyň taryhyny, milliligini, däp-dessurlaryny öwrenmek üçin ýaşlarymyza şeýle giň mümkinçilikleri döerdip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
On December 26, 2025, the "Year of International Peace and Trust", teachers and students of the Mary oil and gas secondary vocational school visited the Mary velayat museum of history and local. During the tour, the students were deeply impressed by the interesting conversations about the historical periods, monuments, national heritage, and Turkmen horses of the Turkmen people. Also, in the exhibition hall of the Museum of history and local, figures and photographs reflecting the traditions and history of the Turkmen people further expanded our students' understanding of the history of Turkmenistan. The students were particularly impressed by the stories about the speed of the Turkmen horse, national ornaments, and the art of horsemanship in ancient times. They expressed their gratitude and appreciation to our Hero Arkadag and our Arkadagly Hero Serdar, who provide such wide opportunities for our youth to study the history, nationality, and traditions of our beloved homeland. Mary oil and gas secondary vocational school
26 декабря 2025 года, в честь «Международного года мира и доверия», преподаватели и студенты Марыйской велаятской финансово-экономической средней профессиональной школы посетили Марыйский велаятский историко-краеведческий музей. В ходе этой впечатляющей экскурсии интересные рассказы об исторических периодах туркменского народа, его памятниках и национальном наследии произвели на студентов глубокое впечатление. Кроме того, картины и фотографии в выставочном зале музея, отражающие традиции и историю народа, еще больше расширили познания молодежи о прошлом Туркменистана. В особенности студентов восхитили сведения о резвости туркменских скакунов, национальных конских украшениях и древнем искусстве ухода за скакунами. В завершение участники выразили слова глубокой признательности Герою-Аркадагу и Аркадаглы Герою-Сердару за создание широких возможностей для изучения истории и национальных ценностей нашей Родины. Марыйская нефтегазовая средняя профессиональная школа Марыйского велаята
Ýaňy ýakynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi hem-de Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Hoş geldiň Täze ýyl eziz diýara” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çärede Täze ýyl baýramçylygynyň şatlygyny, şowhunyny, diýarymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň waspyny ýetirýän goşgudyr-aýdymlara, çykyşlara giň orun berildi. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hem-de jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talypary dabaranyň dowamynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Dabaraly çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we bütin türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2026-njy ýyl bilen gutlap, alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi
Недавно совместно с финансово-экономическим средним профессиональным школам Марыйском велаята и средним профессиональным училищем муниципальных служб города Мары состоялось музыкальное мероприятие под названием «Добро пожаловать в Новый год, дорогая страна!». Значительная часть торжества была посвящена стихам, песням и выступлениям, воспевающим радость новогодних праздников, великие свершения и перемены в нашей стране, а также прославляющим нашего Героя-Аркадага и Героя-Аркадаглы Сердара. В ходе празднования преподаватели и учащиеся Марыйского велаята выразили искреннюю гордость за свою Родину. В завершение праздничного мероприятия участники поздравили Героя-Аркадага, Аркадаглы Героя Сердара и весь туркменский народ с наступающим Новым 2026 годом, выразив свою глубокую благодарность и признательность. Марыйская нефтегазовая средняя профессиональная школа Марыйского велаята
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 20-nji dekabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda ylymda, bilimde, medeniýetde ak ýürekden zähmet çekip üstünlik gazanan hünärmenleri Şa serpaýy bilen sylaglandy. Şol sanda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy H.Darrynowa hem Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy “Bitaraplygyň 30 ýyllygy nyşana” mynasyp boldy. Hatyja Darrynowa: - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak, durmuşymy egsilmez buýsanja, şatlyga besledi. Watanymyzyň abraýy, şan-şöhraty ugrunda çekýän zähmetiň üçin sylag-hormata mynasyp bolmak, has-da ömrüňe aýratyn öwüşgin çaýýar. Öňde goýlan maksatlara ýetmäge Watan üçin zähmet çekmäge has-da ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň dürli ugurlarda kämilleşmegi, olaryň ata Watanymyzyň daýanjy bolup kemala gelmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri hem döredilýän şertleriň, olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň miwesidir. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
On December 20, 2025, the "Year of International Peace and Confidence", by order of our Honorable President Serdar Berdimuhamedov, specialists who have worked hard and achieved success in science, education, and culture were awarded the Sha Serpay. Also, H. Darrynova, a teacher at the Mary oil and gas secondary vocational school, was awarded our Honorable President's "30th Anniversary of Neutrality" medal. Darrynova Hatyja- Being worthy of the Sha Serpay of our Arkadagly Hero Serdar, in the International Year of Peace and Trust, has filled my life with endless pride and joy. Being worthy of reward and respected for your hard work in the name of the honor and glory of our homeland brings a special glow to your life. It inspires us to work even harder for our homeland to achieve our goals. During the era of the Revival of a new epoch of a powerful state, the wise leadership of our esteemed President creates huge opportunities for young people to excel in various fields and to become the supporters of our Motherland. The successes achieved by young people in various fields are a clear result of the conditions created and the care they receive. For this, we say words of praise our National Leader of the Turkmen people Hero Arkadag, and our Arkadagly Hero Serdar. May our Hero Arkadag, and our Arkadagly Hero Serdar be healthy and live long, and may the noble deeds he carries out for the benefit of the country always be blessed with success!
20 декабря 2025 года, в «Год международного мира и доверия», по распоряжению нашего достопочтенного Президента Сердара Бердымухамедова, специалистам, усердно трудившимся и добившимся успехов в науке, образовании и культуре, была вручена премия «Ша Серпай». Кроме того, Х. Даррынова, преподаватель финансово-экономического профессионально-технического училища им. Мары Велаят, была награждена медалью нашего уважаемого Президента «30-летие нейтралитета». Х. Даррынова: - Достойное получение награды Ша Серпай нашего героя Аркадагли Сердара в Международный год мира и доверия наполнило мою жизнь безграничной гордостью и радостью. Заслуженная награда и уважение за ваш упорный труд во имя чести и славы нашей родины приносят особое сияние в вашу жизнь. Это вдохновляет нас работать еще усерднее на благо нашей родины для достижения наших целей. В эпоху возрождения новой эры могущественного государства мудрое руководство нашего уважаемого Президента создает огромные возможности для молодежи, позволяя им преуспевать в различных областях и становиться сторонниками нашей Родины. Успехи, достигнутые молодежью в различных областях, являются очевидным результатом созданных условий и заботы, которую они получают. За это мы выражаем слова хвалы нашему Национальному Вождю туркменского народа Герою Аркадагу и нашему Герою Аркадаглы Сердару. Пусть наш герой Аркадаг и наш герой-Аркадаглы Сердар будут здоровы и проживут долгую жизнь, и пусть благородные дела, которые он совершает на благо страны, всегда будут благословлены успехом!
Ýakynda, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Bitaraplyk-milli buýsanjymyz” atly tegelek stoluň başyndaky aýdym-sazly dabaraly duşuşygy geçirildi. Dabaraly çäräniň dowamynda täsirli çykyşlar ýerine ýetirildi. Orta hünär okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Baky Bitaraplygymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.