TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
14.04.2025
2

“Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça welaýat ders bäsleşigi geçirilýär

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyny (rejelenen görnüşini) we “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanuny durmuşa ornaşdyrmak hem-de talyplaryň “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça sowatlylyklaryny artdyrmak maksady bilen geçiriljek welaýat ders bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY I. UMUMY DÜZGÜNLER Şu Düzgünnama Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigini geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döremegi, döwletimiziň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy. Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär. II. BÄSLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary dersi boýunça geçiriljek bäsleşigi talyp ýaşlaryň öwrenen bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmeklerine, umumy adamzat jemgyýetiniň döreýşine ösüşine we özgerşine akyl ýetirmelerine, dünýagaraýyşlaryny ösdürmeklige hem-de zehinlerini has-da ösdürmäge gönükdirilendir. III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI - “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigine Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinden isleg bildiren 3 (üç) talyp gatnaşyp bilýär; - Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülen test soraglaryndan ybarat bolýar; - Bäsleşik Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na sagat 13:00-da bellenilen okuw jaýynda geçirilýär; - Ders bäsleşiginiň netijeleri eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. - Gatnaşyjylara syýa galam getirmäge we ulanmaga rugsat berilýär; - Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, elektron-hasaplaýjy tehnikany, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär; - Bäsleşige gatnaşýan talyplar ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Goşmaça kömek edilen ýa-da geçýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşen we kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar; - Bäsleşige gatnaşjak talyplar we olara berkidilen jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ne çenli aşakda görkezilen görnüşinde word (*.docx) faýlynda marymaliyeohomekdep@sanly.tm, marymaliyeohomekdep@gmail.com salgysyna ugratmaly. IV. BÄSLEŞIGIŇ EMINLER TOPARY Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary dersi boýunça ders bäsleşigine eminler topary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülýär. V. BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK - Bäsleşigiň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär; - Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda gatnaşyjylaryň 30%-i ýeňiji diýip yglan edilýär we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýar.

News
01.04.2025
2

An explanatory and educational event

On April 1. 2025 "International Peace and Trust" an explanatory and educational event was held at the Mary oil and gas secondary vocational school, that approved by the Ministry of Education of Turkmenistan and relevant departments. The event was attended by deputies of the Mejlis of Turkmenistan, representatives of the older generation and law enforcement agencies and a specialist from the Youth organization of Turkmenistan named after Magtymguly. At the event, educational speeches were heard aimed at increasing law literacy among young people and widely promoting the statehood principles of Turkmen and our national traditions. At the end of the event, the participants expressed words of gratitude and congratulations for provides wide opportunities for learning and create to our Hero Arkadag and Arkadagly Hero Serdar.

News
01.04.2025
2

Проведено разъяснительно-просветительское мероприятие

1 апреля 2025 года, объявленном: «Международным годом мира и доверия», в Марыйской финансово-экономической средней профессиональной школе состоялось просветительское мероприятие, организованное Министерством образования Туркменистана и соответствующими ведомствами. В мероприятии приняли участие депутаты Меджлиса Туркменистана, представители правоохранительных органов и старшего поколения, а также специалист Байрамалинского городского совета Молодёжной организации имени Махтумкули. В ходе мероприятия были заслушаны воспитательные выступления, направленные на повышение правовой грамотности молодежи, а также на популяризацию туркменских традиций государственности и национальных обычаев. В завершение мероприятия участники выразили благодарность и признательность Герою-Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару за созданные широкие возможности для учебы и творчества.

News
01.04.2025
2

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda aprel aýynyň 1-ne Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we degişli pudaklaryň tassyklamagynda we Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlarynyň, Hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher geňeşiniň hünärmeniniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede, ýaşlaryň arasynda hukuk sowatlylygyny artdyrmak we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden ýaýmak boýunça terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

News
28.03.2025
2

The provincial competition on the lesson of "Digital Economics" held

On March 28, 2025, the provincial competition on the lesson of "Digital Economics" held at the Mary velayat Oil and Gas Secondary Vocational School was focused with success. Participated to the competition students from secondary vocational schools located in Mary velayat. This competition was held with the aim of implementing the "State Program for the Development of Digital Economy in Turkmenistan of 2021-2025", approved by the Resolution of the President of Turkmenistan No. 2136 dated February 12, 2021, and increasing students' literacy in the subject "Digital Economy". Based on the results of the competition the winners were announced. In the competition took the grand prize Jelalova Maryam Isayevna student of Mary oil and gas secondary vocational school, and the I place took Caryyeva Gulzada Muhammedovna student of Secondary vocational school of municipal services of the city of Mary, and the II place took Bayramgeldiyeva Lale student of Pedagogic school named after H.Deryayev, and the II place took Atajanova Tachnabat Tanryberdiyevna student of Mary oil and gas secondary vocational school, the III place took Khudayberdiyeva Aygul Dovranovna student of Mary oil and gas secondary vocational school, and the III place took Khandurdyyeva Gulalek Maksatmyradovna student of Secondary vocational school of municipal services of the city of Mary, the III place took Rejepova Sheker student of Pedagogic school named after H.Deryayev. Winners were awarded Diplomas by the Financial and economic secondary vocational school and commemorative gifts by the Bayramaly Town Committee of Democratic Party of Turkmenistan.

News
28.03.2025
2

Подведены итоги областного конкурса по предмету «Цифровая экономика»

28 марта 2025 года в Марыйском финансово-экономической средней профессиональной школе успешно состоялась областная предметная олимпиада по дисциплине «Цифровая экономика». В олимпиаде приняли участие студенты средних профессиональных учебных школ Марыйского велаята. Данное мероприятие было организовано в рамках реализации «Государственной программы развития цифровой экономики в Туркменистане на 2021–2025 годы», утвержденной Постановлением Президента Туркменистана № 2136 от 12 февраля 2021 года. Олимпиада была направлена на повышение цифровой грамотности студентов и углубление их знаний в области цифровой экономики. По результатам конкурса были объявлены победители. В конкурсе Главный приз заняла Джелалова Марйам Исаевна студента финансово-экономического средняя профессионального школа Марыйского велаята, а I место заняла Чарыева Гульзада Мухаммедовна, студента Средняя профессиональная школа коммунального хозяйства города Мары, II место заняли Байрамгелдиева Лале студента Педагогической школа имени Х.Деряева и Атаджанова Тачнабат Танрыбердиевна студента финансово-экономического средняя профессионального школа Марыйского велаята, III место заняли Худайбердиева Айгул Доврановна студента финансово-экономического средняя профессионального школа Марыйского велаята и Хандурдыева Гулалек Максатмырадовна студента Средняя профессиональная школа коммунального хозяйства города Мары и Реджепова Шекер студента Педагогической школа имени Х.Деряева. Победителям были вручены Дипломы Финансово-экономического средняя профессионального школы и памятные подарки от Байрамали город комитета Демократической партии Туркменистана.

News
28.03.2025
2

“Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça bäsleşiginiň jemi jemlendi

2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ne Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça geçirilen welaýat ders bäsleşigi üstünliklere beslendi. Bäsleşige Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran № 2136 belgili Karary bilen tassyklanan “2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny” durmuşa ornaşdyrmak we talyplaryň “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça sowatlylyklaryny artdyrmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri esasynda ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşikde Baş baýragy Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyby Jelalowa Marýam Isaýewna, I orny Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyby Çaryýewa Gülzada Muhammedowna, II orny Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Baýramgeldiýewa Läle we Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyby Atajanowa Täçnabat Taňryberdiýewna, III orny Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hudaýberdiýewa Aýgül Döwranowna, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyby Handurdyýewa Gülälek Maksatmyradowna, Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Rejepowa Şeker eýelediler Ýeňijilere orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Diplomlar we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

News
27.03.2025
2

Our success within framework of Spartakiada!

In 2025 "Year of International Peace and Trust", from March 17 to 28, volleyball competition was held among student boys of vocational-technical and secondary vocational schools of Turkmenistan as part of the XIV Spartakiada entitled “Turkmenistan - a country of spiritual elevation and health”. Students from financial and economic secondary vocational school of Mary velayat, participated in this competition. The competition was interesting and competitive. Students from our secondary vocational school took first place in this competition, and the winners were awarded with certificates of honor and commemorative gifts. Our Hero Arkadag, and Arkadagly Hero Serdar, for all vast opportunities created for the development of science, education, and sports, may they live long, and soul health.

News
27.03.2025
2

Наши успехи в рамках Спартакиады!

В 2025 году, объявленном “Международным годом мира и доверия”, в период с 17 по 28 марта среди студентов профессионально-технических и средних специальных учебных заведений Туркменистана в рамках XIV Спартакиады под названием «Туркменистан — страна духовного возвышения и здоровья» были проведены соревнования по волейболу. В этих соревнованиях приняли участие студенты Марыйского областного финансово-экономического среднего специального учебного заведения. Турнир прошел в увлекательной и напряженной борьбе. Наши студенты заняли I место, за что были награждены почетными грамотами и памятными подарками. Да будут долгими годы жизни и крепким здоровье нашего Героя Аркадага и Аркадаглы Героя Сердара, создающих широкие возможности для развития науки, образования и спорта!

News
27.03.2025
2

Spartakiadanyň çäginde gazanan üstünligimiz!

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda Mart aýynyň 17-den 28-i aralygynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Spartakiadanyň çäginde sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Ýaryş gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary bu ýaryşda I orny eýelediler we ýeňijiler hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ylmy, bilimi, sporty ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.