Täzelik
•
27 March 2025, 09:00
Spartakiadanyň çäginde gazanan üstünligimiz!
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda Mart aýynyň 17-den 28-i aralygynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Spartakiadanyň çäginde sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Ýaryş gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary bu ýaryşda I orny eýelediler we ýeňijiler hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ylmy, bilimi, sporty ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.