Dalaşgärler üçin maglumat

«TÜRKMENGAZ» DÖWLET KONSERNINIŇ



MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI



2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça
talyplyga kabul edýär:



 



1. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.
2. Nebit-gaz geçirijilerini we nebit-gaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.
3. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
 4. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan
işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary
abatlamak.
5. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
8. Maglumat ulgamlary.
9. Elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy.
10. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.
11. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy.
12. Ölçeg barlag enjamlary we awtomatika.
13. Nebit gaz guýularyny düýpli abatlamak.
14. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň
awtomatlaşdyrylan ulgamlary.





























 



 
Okuwyň möhleti 2 ýyl
we 2,5 ýyl.
Mary nebitgaz orta
hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2025-nji
ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji
awgusty
aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta ýa-da hünär bilimi baradaky resminama (asyl
nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden)
häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda
amal etmegiň kepil
     haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan
göçürmesi;
—okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet
bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy
toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl
nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg
bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary
kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
—  pasportyny; 
—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy
geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitlar harby hasaba
goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki
resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş
kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde
(Mary şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 
21-i, 22-si, 24-i we 25-i
günlerinde
geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça
fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
     Okuw dersleri
boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
      Giriş
synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip
bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky
synaglara goýberilmeýär.
       Giriş
synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda,
bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
 
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň
salgysy:
Mary ş., Kemine köçesi,
33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10.






























































Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65