Sylaglamak dabarasy geçirildi


2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-21-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Döwlet ders bäsleşigi geçirildi. Döwlet ders bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary 2024-nji ýylyň  dekabr aýynyň 28-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Soňra bolsa, bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat” adym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65