Üç taraplaýyn wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary geçirildi
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçmek wezipeleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklandy. Türkmenistan döwletimizde ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, durmuşymyzyň dürli ugurlaryna, şol sanda bilim ulgamyny ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda mähriban Arkadagymyzyň, orta we ýokary okuw mekdeplerini hem-de orta hünär okuw mekdeplerini internet-aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek, olary kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek, sapaklary sanly elektron ulgamda guramak işleri üstünlikli dowam etdirilýär.
“Türkmengaz“ döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 5-den - 26-y sene aralygynda Koreýa Respublikasynyň “Buchon” uniwerstitetiniň professor mugallymlary we Özbegistan respublikasynda ýerleşýän Koreýanyň ( KOICA) halkara agentliginiň başlygy bilen üç taraplaýyn wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary geçirildi.
Geçirilen okuw sapagyna Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň “Maşyngurluşygynyň tehnologiýasy”, “Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy”, “Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak”, “Maglumat ulgamlary” hünärleriniň talyplary we jogapkär mugallymlary gatnaşdylar. Koreýa Respublikasynyň “Buchon” uniwerstitetiniň professor mugallymlarynyň geçiren ýokary derejeli okuw sapaklary talyplarymyzyň nazarýetde alan bilimlerini ýokarlandyrmaga, mugallymlarymyzyň bolsa bilim derejelerini artdyrmaga uly ýardam berdi. Okuwyň dowamynda mekdebimiziň täze okuw binasynda gurlan, döwrebap tejribe otaglarynda, her hünäre degişli bolan gurallarda tejribe geçirip görmekleri, geçilýän okuwyň hiliniň ýokarlanmagyna, mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň arasynda ýüze çykan dürli sorag-jogap alyşmalary iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny hasda berkitdi.
Netijede, sanly elektron ulgamda üç taraplaýyn widioaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw sapaklary mugallymlarymyzyň gelejekde hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, talyplarymyzyň saýlap alan hünärleriniň, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda tutýan ornunyň ulydygyna düşünip, jogapkärçilikli okamaga, Ata-Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişjekdiklerine talyp ýaşlarymyzda uly ynam döretdi!
Şu pursatdan peýdalanyp talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, halal zähmet çekmäne we geljekde talyplarymyzyň öz hünäriniň eýesi bolup işlemäge, döwrebap okuw binalary gurup berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris!