Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak

Hünär: Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak 
Kär: tehnik-mehanik

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow „Nebitgaz pudagy ösdürmegiň ýurdumyzyň beýleki pudaklaryň ösüşi üçin uly ähmiýeti bardyr“ diýip belläp geçýär. Biziň döwletimizde geçirilýän ykdysady we sosial özgertmeleri, we nebit-gaz pudagynyň ösüşiniň maksatnamasynyň amala aşmagy, ýurduň ýokary derejede ösmegini üpjün edýär we ammar pudagyň ösmegine uly üns berilýär. 
Magistral nebitgaz geçirijileri we nebitgazyň ammarlaryny, olara degişli beýleki desgalary taslamak, gurmak we ulanmak işlerini ýokary derejede alyp barmagy başarmak hünärmeniň esasy wezipesi bolup durýar. Mundan başga-da bu hünärmenler nebiti we gazy ulanmagyň we dolandyrmagyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň kärhanalarynda we ylmy edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere degişli wezipelerde işlemäge niýetlenendir. Şonuň ýaly hem ýaş hünärmenler ylmy-önümçilikde, ýöriteleşdirilen we gözleg-barlag taslaýjy guramalarda, pudagara häsiýetli ylmy-barlag işlerinde, okuw mekdeplerinde, bilelikdäki kärhanalarda,  daşary  ýurt kompaniýalarynda, konsorsiumlarda, nebit hem-de gaz çykarylýan, taýýarlanylýan, turbageçirijiler arkaly akdyrylýan we gaýtadan işlenilýän ýerlerde orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp bilerler.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65