Duşuşyk geçirildi
“Türkmengaz”
döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de
talyp ýaşlary bilen Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ilkinji zenanlar
guramasynyň agzalary kümüş saçly enelerimiz Altyn Mämmedowa, Orazbibi Bäşimowa hem-de
mekdebimiziň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gözel Taganowa 2022-nji ýylyň
noýabr aýynyň 01-ne Ýaşlaryň
ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny
gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren
mertlik, edermenlik, watansöýjülik, halallyk, ruhybelentlik , päkýüreklilik,
arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda
milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň
arasynda “Ata-babalarymyzyň ajaýyp sungat däpleri, milli mirasymyz,
däp-dessurymyz gelejekgi nesillerimize ýetirmek” ady bilen çäre geçirildi.