Dabaraly çäre geçirildi
Mary nebit-gaz orta hünär
okuw mekdebiniň
uçurymlaryna diplom gowşuryldy
Mertebesi belent hormatly
Prezidentimiziň «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň 23-nji
iýunynda «Hukuk namalary
hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet
tejribesi bolmazdan diplom bermek babatda gol çeken degişli Kararynyň esasynda
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde hem uçurymlara diplom gowşurylyş
dabarasy geçirildi. 2023-nji ýylyň 6-njy
iýulynda geçirilen bu dabaraly çärede
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň direktory Şamyrat Hydyrow çykyş
edip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýaş hünärmenleri boljak bu uçurymlarymyzyň
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň şygaryna laýyklykda,
hakykatdanam, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlardygyny, muny bolsa Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän şu günki
diplom gowşurylyş çäresiniň hem aýan edýändigini belläp geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
ýurdumyzda esaslandyran Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar syýasatyna
döwlet syýsatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn
ähmiýet berlip, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet
syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Mary
nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň döwrebap okuw binasyny üstünlikli tamamlan
uçurymlar hem, bu täze kanunyň türkmen ýaşlary üçin döredýän mümkinçiliklerine
we oňyn şertlerine laýyklykda durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapyp, ýurdumyzyň
nebitgaz senagatynyň ösüşine-de öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
«Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini
tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan
diplomlarynyň berilmekligi hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny
halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap derejede ösdürmek babatda alyp barýan
döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Arkadagly
Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
döwletimiziň durmuşynda ilkinji gezek bolýan bu şanly waka şöhratly
taryhymyzda-da öz beýanyny tapar.