«Arkadag» topary «Şagadamy» uly hasapda utup, TFF-niň Kubogyndaky bassyr üçünji ýeňşini gazandy


«Arkadag» topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň üçünji tapgyrynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyndan» üstün çykdy.

Duşuşyk 6:2 hasabynda tamamlandy. «Arkadag» toparynyň düzüminde Didar Durdyýew (16, 51), Şanazar Tirkişow (35, 43), Begenç Akmämmedow (57) hem-de Resul Hojaýew (63) tapawutlandy. «Şagadamyň» gollary Röwşen Baýlyýewiň (38) we Nurjan Japarowyň (89) adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, «Arkadag» TFF-niň Kubogyndaky bassyr üçünji ýeňşini gazandy. Topar 9 utuk bilen turnir tablisasynda birinji ýeri eýeläp dur. «Şagadam» bolsa 1 utuk bilen bäşinji ýerde barýar.

Şeýle-de tapgyrda «Ahal» «Nebitçini» 3:0 hasabynda utdy. «Ahalyň» düzüminde Gurbanmuhammet Esenow dubl etdi (2, 57), ýene bir gol Nurtagan Saryýew tarapyndan uruldy.

Üçünji tapgyryň ýene bir oýnunda «Aşgabat» «Merw» bilen duşuşyp, turnirdäki ilkinji ýeňşini baýram etdi. Paýtagtyň adybir topary 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. Oýundaky gollara Bäşim Gurbanberdiýew (55) we Sylap Goşşanow (90+3) awtorlyk etdiler.


Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65