TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
30.09.2025
2

Onlaýn maslahata ganlaşyldy

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda sagat 15:00-da onlaýn maslahata gatnaşyldy. Maslahatda: 1. Umumybilim edaralarynda okadylýan Informatika, Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar dersiniň mazmunyny seljerip ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda MKT degişli bolmadyk hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň okuw meýilnamalarynyň çäklerinde okadylýan HZKT dersiniň okuw maksatnamasyny kämilleşdirmek işini guramaly we utgaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy R.Mahmudow çykyş etdi. 2. Big data, machine learning, blockchain, AI tehnologiýalary esasynda bilim ulgamy üçin döwrebap çözgütleri taýýarlamak boýunça teklipleri taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy R.Mahmudow çykyş etdi. 3. GitHub Education Pack mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly IKT standartlaryna laýyk gelýän tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmeni Ş.Wepaýew çykyş etdi. 4. Google Developer Student Clubs (GDSC) mümkinçiliklerini öwrenip MKT ugrunda hünärmenleri taýýarlaýan ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw işinde peýdalanmak üçin gözükdirijini taýýarlamak (wideo görnüşinde bolup biler) boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmeni Ş.Wepaýew çykyş etdi. 5. Kiberhowpsuzlyk kafedrasynda alnyp barylýan okuw we ylmy-barlag işleriň ýagdaýy barada Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kiberhowpsuzlyk kafedranyň müdiriniň w.ý.ý. Ç.Gylyjowa çykyş etdi.

News
24.09.2025
2

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Baýramaly şäher polisiýa bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, kezzapçylyk, toparlaýyn uruşmazlyk, neşe maddalaryna baş goşmazlyk barada giňden wagyz etmek maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

News
23.09.2025
2

Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 23-nji sentýabrnda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk – milli buýsanjymyz” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen halkynyň Garaşsyzlygy – bu halkymyzyň ruhy güýjüniň we ösüş ýolunyň beýik nyşanydyr. Dabaranyň dowamynda orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary tarapyndan birnäçe täsirli çykyşlar diňlenildi hem-de “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň waspyny ýetirýän aýdymlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we döwlet ähmiýetli işleriň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

News
23.09.2025
2

34 years of Independence.

On September 23, 2025, the “Year of International Peace and Trust” a musical celebration entitled “Independence is our national pride” was held at the Mary oil and gas secondary vocational school. In honor of the 34th anniversary of our glorious Independence during the Revival of the New Era of Sovereignty. The 34th anniversary of Independence is particularly significant for our people. The Independence of the Turkmen people is a great symbol of the spiritual strength and path of development of this people. During the celebration, several impressive performances were heard by teachers and students of the secondary vocational school, and the songs performed by the “Bagtyyarlyk joshguny” musical group, that praising the progressof our country, our Hero Arkadag, and our Arkadagly Hero Serdar, further enhanced the enthusiasm of the celebration. At the end of the event participants expressed their wishes for good health, long life, and continued success in their public service to our Hero Arkadag, and our Arkadagly Hero Serdar.

News
23.09.2025
2

34 года Независимости

В 2025 году, провозглашенном «Международным годом мира и доверия», 23 сентября в Марыйском областном финансово-економическом среднем профессиональном учебном заведении состоялось праздничное музыкально-поэтическое мероприятие под названием «Независимость – наша национальная гордость», посвящённое 34-й годовщине священной Независимости в эпоху Возрождения новой эры могучего государства. 34-я годовщина Независимости имеет особое значение для нашего народа. Независимость Туркменского народа – это великий символ духовной силы нашего народа и пути развития. В ходе мероприятия преподавателями и студентами среднего профессионального учебного заведения были представлены несколько проникновенных выступлений, а выступления ансамбля «Багтиярлык джошгуны», прославлявшие достижения нашей страны, а также подвиги и деятельность Героя-Аркадага и Аркадаглы Героя-Сердара, придали празднику особой подъём. В завершение участники мероприятия выразили пожелания крепкого здоровья, долгих лет жизни и дальнейших успехов в государственной деятельности Герою-Аркадага и Аркадаглы Герою-Сердара.

News
04.09.2025
2

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Orta hünär okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň arasynda "Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy" ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi

News
01.09.2025
2

Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda" ýurdumyzyň ähli künjeginde we Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ajaýyp baýramçylyk – Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi. Orta hünär okuw mekdebimiziň direktorynyň, professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ilkinji jaň dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Soňra dabaraly ýagdaýda ilkinji jaň kakylyp, täze okuw ýylyna gadam basýan talyplara üstünlikler arzuw edildi. Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

News
23.07.2025
2

BILDIRIŞ!

Ýokary okuwa tabşyrýanlar üçin synaglara taýýarlyk görmek üçin "MenTalyp" atly kömekçi programmasyny ýükläp alyp bilersiňiz! MenTalyp