TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
Täzelik • 20 September 2023, 09:00

Woleýbol ýaryşy geçirildi

Woleýbol ýaryşy geçirildi
    “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda  Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň açylmagynyň 10 ýyllyk ýubileýi  mynasybetli  2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne  Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda sportyň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda I orna Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň, II orna Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň we III orna Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiş gazanan türgenlere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
    Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolsun we il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!