TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
Slide

Slide

Slide

8288
Kitaplar
17
Hünärler
40+
Mugallymlar
750+
Talyplar
Täzelikler we habarlar

Iň soňky täzelikler

Ählisini görmek
News
31.03.2026
6

Telekeçilik düşünjesini ösdürmek arkaly ýaşlary zähmet bazaryna taýýarlamak

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mart aýynyň 27-ne II ýyllyk talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti degişli hünärmeniniň hem-de “Eziz dag” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysynyň gatnaşmagynda Ýaşlary telekeçilige çekmek, telekçilik endiklerini ösdürmek, bilim bilen önümçiligi utgaşdyrmak, ýaş ykdysatçy hünärmenleriň zähmet bazarynda iş bilen üpjün etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda “Eziz dag” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy, telekeçi A.Öwezdurdyýew telekeçilik boýunça ýurdumyzda giň gerimli alnyp barylýan işler dogrusynda durup geçdi, şeýle hem Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde 1C buhgalteriýa programma üpjünçiliginden baş alyp çykýan talyplaryň bardygyny belläp, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça zähmet çekmeklerine doly mümkinçilik dörediljekdigi uly ynam aýdyp, başarnykly talyplary işe çagyrmak bilen olaryň okamaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy T.Jumadurdyýewanyň orta hünär okuw mekdebinde telekeçilige gyzyklanma bildirýän talyp ýaşlara döwlet tarapyndan döredilýän şertler barada aýdanlary duşuşygyň dowamynda öz beýanyny tapdy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

News
27.03.2026
3

Onlaýn maslahata ganlaşyldy

2026-njy ýylyň 27-nji martynda sagat 15:00-da Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Aýnabat Amanowanyň çykyş etmegi esasynda " Elektron sanly gol-ygtybarly gorag" atly temanyň çykyşy netijesinde onlaýn maslahata gatnaşyldy

News
24.03.2026
4

Onlaýn-teleköpri arkaly maslahata gatnaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň guramagynda "asman: Iş tap" dolandyryş ulgamy, bilim tory, ERDU ulgamy we resmi web sahypalar boýunça degişli soraglary onlaýn-teleköpri arkala maslahatlaşyldy

Ylmy we döredijilik ýazgylary

Makalalar

Ähli makalalar
Okuw ugurlary we bölümler

Esasy bilim ugurlary

Article

“Açyk gapylar” güninden pursatlar.

Gatnaşmak
Article

Mary Nebitgaz Orta Hünär Okuw Mekdebi

Gatnaşmak
Article

Talyp durmuşy - Umumy ýaşaýyş jaýy

Gatnaşmak
Article

Sport

Sport

Gatnaşmak
Article

Medeni köpçülikleýin çäreler

Gatnaşmak
Article

Dalaşgärlere

MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit. 2. Maliýe we karz. 3. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy. 4. Sanly ykdysadyýet. 5. Bank işlerini programmirlemek. 6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 7. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti – 2 ýyl. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly – 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: – bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; – bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); – bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; – soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; – bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; – 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; – okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuw girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: – pasportyny; – harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuw kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly ş.) 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 20-21-i, 23-i we 24-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgär peýdalanýar. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi, 5, tel: 6-92-97, 6-92-73.

Gatnaşmak
Soraglar we maslahat

Okuw we kabul ediş boýunça soragyňyz barmy?

Biz bilen aragatnaşyk bölümi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.