Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak

Hünär: Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak
Kär: dag tehnigi

Biz häzir Türkmenistanda milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler geçirmäge girişdik. Şol özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekden ybaratdyr.   

                                                                                 Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
                                                     
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji gol çeken Permanynyň bilim ulgamyna degişli bolmagy ýaş nesle, onuň bilim terbiýesine ägirt uly üns berýänliginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda “Permany”, “Türkmenistanyň bilim hakyndaky”  kanunyna döwrebap üýtgetmeleriň girizilmegi täze , dünýä ülňülerine gabat gelýän, hünärine ökde, başarjaň, watanymyza, halkymyza, Hormatly Prezidentimize kalby söýgüden doly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler talyplara bilim berýän mugallymlaryň öňünde uly wezipeleri goýýar.
Hünärmen nebit-gaz ýataklarynyň gözlegi, känlerini özleşdirmekde we ulanmakda peýdalanylýan önümçilik tehnologiýasyny, önümleri almaklygyň  enjamlaryny  we  olaryň  ýygnalyşynyň  tehnologiýasyny hem-de iberilişini we şol ugurdaky ylmy işleri üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir.
Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65