“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz
orta hünär okuw mekdebi «Açyk gapylar»
gününe çagyrýar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebi 2022-nji ýylyň 14-nji, 21-nji, 28-nji maý aýynda sagat 11:00-da Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylary,
şeýle hem önümçilikde zähmet çekýän
ýaşlary we mekdebimize okamaga isleg bildirýän raýatlary «Açyk gapylar» gününe
çagyrýar
«Açyk gapylar» gününde ýaşlar Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde
okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan
okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli
dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler bilen
tanyşdyrylar. Şeýle-de olara döwrebap okuw otaglary, häzirki zaman
tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, sport toplumy,
talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.