“Millilik- nesil terbiýesiniň özeni”
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgazorta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary bilen Türkmenistanyň
Demokratik Partiýasynyň Mary şäher komiteti,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşligi,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary şäher geňeşligi, Türkmenistanyň
Agrar partiýastynyň Mary şäher komitetiniň ýolbaşçylary 2022-nji ýylyň ýanwar
aýynyň 21-ne Ýaşlaryň ählitaraplaýyn
ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda
ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik,
watansöýjülik, halallyk, ruhybelentlik , päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk,
zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza
bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda “Millilik-
nesil terbiýesiniň özeni” ady bilen çäre geçirildi.