Talyplar tejribe döwründe

“Berkerar döwletiň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe”, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaş nesilleriñ bagtyýar hem-de
abadan durmuşda ýaşamagy üçin giñ gerimli işler alnyp barylýar.



         Hormatly
Prezidentimiziň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri jemgyýetimiziň dürli
ugurlaryny öz içine almak bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm orny
eýeleýär.



         Ajaýyp döwrümizde biziň orta hünär okuw
mekdebimizde hem ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi kämil bilim almagy üçin
ähli mümkinçililer döredilen. Talyplarmyz, owadan, ak mermere beslenen, dünýä
ülüňlerine laýyk gelýän, dünýäniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän
tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan binada bilim alýarlar. Talyplarmyz öz
saýlap alan hünäriniň ökde ussady bolmak üçin olara ähli mümkinçilikler
döredilen. Talyp ýaşlarmyz nazaryýetde alan bilimlerini, barlaghanalarda
tejribe geçmek arkaly şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli bolan
edara kärhanalarda önümçilik tejribeligni geçmek bilen özleşdirýärler. Orta
hünär okuw mekdebimiziň barlaghanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap
enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilendir. Häzirki wagtda bu ýerde “Maglumat
ulgamlary”, “Elektroenrgetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy”, “Senagat
enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak”, “Maşyngurluşygyň
tehnologiýasy” hünärlerinde bilim alýan talyplarymyz okuw we önümçilik
tejribesini üstinliki amala aşyrýarlar. Barlaghanamyzda talyplaryň özbaşdak işlemekleri
üçin ähli mümkinçilikler döredilen. “Elektroenergetiki ulgamlaryň
awtomatizasiýasy we rele goragy” hünärinde önümçilik tejribesini geçýän
geljekki hünärmenler, tejribeliligiň dowamynda transformatoryň wezipesi,
işleýän düzgüni, napraženiýanyň sazlanyşy, üýtgeýşi birikdirilşi, elektrik
maşynlary: generator, sinhron asinhron hereketlendirjileriň işleýiş düzgüni,
gurluşy magnit hadysalary, mehaniki häsiýetnamasyny, pniwmatik slindrlerden
peýdalanşy we beýleki işler bilen tanyşýarlar. Talyplarmyz häzirki wagtda gün
energiýasyndan tok öndürmegiň inçe syrlaryny öwrenmegiň üstinde işleýärler.
Okuw jaýymyzyň barlaghanalary döwrebap tehnikararyň we enjamlaryň ähli
görnüşleri bilen enjamlaşdyrlandyr.
Bu mümkinçilikler talyplarmyzyň dünýäniň
bilim ulgamynyň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär.



         Häzirki wagtda talyplaryň okuw-
önümçilik tejribelikleri üstünlikli dowam edýär.          Ýurdumyzyň ýangyç- energetika toplumynyň ösmegine tehniki
taýdan sowatly hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Netijeli okuw,
önümçilik sapaklar ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygynyň artmagyna ýardam eder.



         Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly
Serdarymyz  türkmen ýaşlarynyň ylymly-
bilimli giň gözýetimli hünärinden baş çykaryp bilýän kämil ýokary derejeli
hünärmenler bolup ýetişmekleri baradaky täze-täze başlangyçlary öňe sürýär.
Munuň netijesinde döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen bilim
ojaklarynyň sany gün geçdigiçe artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy,
internet ulgamyndan peýdalanylmagy ýaşlaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga
ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasy bilen ýurdumyzda amala
aşyrylýan işleriň düýp özeninde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan şu güni,
röwşen geljegi babatdaky aladalar durandyr. Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda
döwletli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak
bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65