Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde zähmet çekýän we okaýan gelin-gyzlara 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde asylly däbe öwrülen uly şowhunly baýramçylyklar geçirilýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Enä tagzym etmek – mukaddeslige tagzym etmekdir. Şonuň üçin hem mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulmagy öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan mukaddeslikdir, hiç bir döwürde hem gadryny gaçyrmaýan gymmatly hazynadyr.
Dabaraly çäräniň ahyrynda gelin-gyzlar döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.